25.04.2024 Söhbetdeşlik98 .

Kesbinden kemal tapan


Ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde mugallymlaryň üstüne jogapkärçilikli iş ynanylýar.

Ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek üçin bu günki gün ýurdumyzda uly mümkinçilikler döredilýär. Çünki ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar ýurdumyzyň maýa goýumy.

Şeýle ýaşlara bilim bermekde yhlas bilen zähmet çekýän mugallymlarynyň biri-de Balkanabat şäheriniň 6-njy orta mekdebiniň himiýa mugallymy Akbibi Gaýypowadyr. Akbibi mugallym birnäçe ýyldan bäri bu dersden okuwçylara bilim berýär. Her ýylda geçirilýän “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşikde Akbibi mugallymyň taýýarlaýan okuwçylary görnükli ýerlere eýe bolýar. Şeýle okuwçylaryň biri-de Mähriban Gurbanowa 10-njy synpda şäher tapgyrynda 1-nji orna, welaýat tapgyrynda 1-nji orna, 11-nji synpda welaýat tapgyrynda 1-nji orna, döwlet tapgyrynda bolsa 2-nji orna mynasyp boldy. Mähriban Gurbanowa 2023-nji ýylda himiýa dersinden Halkara “Fiso” olimpiýadasyna gatnaşyp kümüş medalyna hem mynasyp boldy. Aşyrowa Gülnara şäher tapgyrynda 1-nji orna, welaýat tapgyrynda 2-nji orna, Begnazarow Şanazar şäher tapgyrynda 1-nji orna, welaýat tapgyrynda 1-nji orna, Penaýewa Humaý 9-njy synpda şäher tapgyrynda 2-nji orna, 10-njy synpda şäher tapgyrynda 2-nji orna, welaýat tapgyrynda 3-nji orna, 8-nji synp okuwçylary Tüňňiýew Reýim şäher tapgyrynda 1-nji orna, Nuryýew Serdar şäher tapgyrynda 2-nji orna, Abdullaýew Israfil 8-nji synpda şäher tapgyrynda 2-nji orna, 9-njy synpda şäher tapgyrynda 1-nji orna, Şiriýewa Bägül 8-nji synpda şäher tapgyrynda 1-nji orna, 9-njy synpda şäher tapgyrynda 1-nji orna, Gaýupowa Merýem 10-njy synpda welaýat tapgyrynda 3-nji orna, 11-nji synpda şäher tapgyrynda 2-nji orna, welaýat tapgyrynda 2-nji orna eýe boldular. Aşyrowa Gülnara, Begnazarow Şanazar şeýle hem Bekiýewa Täzegül häzirki wagtda ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky TDU-nyň himiýa fakultetinda okaýarlar. Mundan başga-da, Akbibi mugallymyň taýýarlan okuwçylary Annaýewa Sähra, Atjanow Näzik häzirki wagtda Myrat Garryýew adyndaky TDLU-da, Begnazarow Nazar, Begniýazowa Şasenem bolsa Oguz han adyndaky inžener tehnologiýalar uniwersitedinde okaýarlar.

Umuman, şu günki günde Akbibi mugallymyň himiýa dersinden taýýarlaýan okuwçylary ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda bilimlerini dowam etdirýärler. Akbibi mugallym sapaklaryny döwrebap interaktiw synp tagtasyny peýdalanýar, okuwçylar bilen tejribe işlerini yzygiderli geçip durýar. Ol ýaşlarymyza bilim-terbiýe bermekde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watana wepaly nesli ýetişdirmek baradaky aýdyň maksatlaryndan ugur alyp yhlas bilen işleýär. “Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar” diýlişi ýaly, Akbibi mugallymyň çeken zähmeti okuwçylarynyň ylmy bäsleşiklerde abraýly orunlary almagy bilen netije berýär.

Akbibi mugallyma asylly mugallymçylyk kärinde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny, kesbinden kemal tapmagyny arzuw edýäris.

Gülnäzik GURBANMÄMMEDOWA,
Balkanabat şäherindäki 6-njy orta mekdebiň mugallymy.



Tmpedagog